Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Paşiniýan: Ermenistanda “ýakyn geljekde” parlament saýlawlary geçirilmeli


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan ýurtda “ýakyn geljekde” täze parlament saýlawlarynyň geçirilmelidigini aýtdy.

Mundan bir gün öň, Paşiniýanyň blogy paýtagt Ýerewanda geçirilen munisipal saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanypdy. Merkezi Saýlaw Komissiýa Paşiniýanyň Meniň ädimim blogunyň sesleriň 81%-ni alandygyny mälim etdi. Bu bloguň esasy kandidaty, aktýor we prodýuser Haýk Marutiýanyň Ýerewanyň häkimi saýlanmagy üçin ýol açýar.

Paşiniýan saýlawlaryň ozalky prezident Serž Sarkisýanyň tarapdarlary tarapyndan agdyklyk edýän Milli Assambleýanyň halkyň erk-islegini şöhlelendirmeýändigini görkezendigini belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG