Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagon Eýrandaky hüjümiň arkasynda ABŞ-nyň durandygy baradaky öňe sürmeleri ‘gülkünç’ atlandyrdy


ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis
ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis

Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary Jim Mattis Eýranyň geçen hepde özüniň günorta-günbatar şäherindäki harby parada edilen hüjümiň aňyrsynda Amerikanyň durandygyny aýdýan aýyplamasyny “gülkünç” diýip, ret etdi.

Mattis 24-nji sentýabrda Pentagonda eden beýanatynda 22-nji sentýabrda Ahwaz şäherinde harby parada edilen hüjümi prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň şol gün ýazgarandygyny belledi. Hüjümde azyndan 25 adam, şol sanda dört ýaşly bir çaga öldi.

“Munuň bilen biziň bir ilteşigimiziň bardygyny aýtmak gülkünç zat. Olar şu wagta çenli azyndan üç ýurdy we bir terroristik topary günälediler. Bu sanawa ýene kimler goşulýar, göreris. Ýöne olar gürläp başlamazdan öň, näme barada gürlejekdiklerini bilseler, gowy bolardy” diýip, Mattis aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini iki topar öz üstüne aldy. Bularyň biri ahwazly araplardan durýan hökümete garşy “Milli gaýtawul” topary, beýlekisi hem ekstremistik “Yslam döwleti” toparydyr.

Mattis Eýranyň öç almak baradaky wadasynyň özüni aladalandyrmaýandygyny hem aýtdy.

Ol: “Biz özümize beýle garalmaly däldigini açyk duýdurdyk. Men sowukganly we akyllyrak kelleler üstün çykar diýip umyt edýärin” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo hem bu hüjümde Amerikanyň hiç hili rol oýnamandygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 24-nji sentýabrda bir beýannama çykaryp, hüjümi “ýigrenji we namartlyk” diýip ýazgardy.

Pompeo “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda adam ýitgisini “pajygaly” diýip atlandyryp, “ýurduň içinde howpsuzlyk problemaň bar bolsa, beýlekileri günälemek uly ýalňyşlykdyr” diýdi.

Eýranyň ýokary dini lideri bilen Yslam rewolýusiýasy sakçylarynyň başlygynyň orunbasary şol güni hüjüme Birleşen Ştatlar bilen Ysraýyly jogapkär edip, muňa “weýrançylykly” jogap bermegi wada etdiler.

“Sen biziň nähili öç alşymyzy ozal görensiň. Biziň jogabymyzyň owradyjy, weýrançylyklydygyny görüp, eden işiňe ökünersiň” diýip, brigada generaly Hoseýn Salami döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.

Ýokary dini lider Aýatolla Ali Hameneýi hem hüjümçileri Birleşen Ştatlaryň goldandygyny we olary maliýeleşdireniň hem Saud Arabystany bilen Birleşen Arap Emirlikleridigini öňe sürdi.

24-nji sentýabrda on müňlerçe adam Ahwazyň köçelerine dökülip, hüjümde heläklenenler üçin ýola goýlan matam çärelerine gatnaşdylar. Käbirleri hem “Ysraýyla we Amerika ölüm” diýip gygyryşdylar.

1980 bilen 1988-nji ýyllaryň aralygynda bolan Eýran-Yrak urşunyň ýyl dönümini bellemek üçin geçirilen parada edilen hüjümde ölenleriň arasynda Yslam rewolýusiýasy sakçylarynyň agzalary-da bar.

Bu aralykda, Eýranyň Aňtaw ministrligi hüjüm bilen baglylykda 22 adamyň tutulandygyny aýtdy. Ol hüjüme “jyhadçy separatistik toparlar bilen ilteşikli bäş agzaly terroristik topary” jogapkär etdi.

Ministrligiň beýannamasynda ýarag, partlaýjy madda we kommunikasiýa enjamlarynyň hem ele geçirilendigi aýdylýar.

Nýu-Ýorkda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi 24-nji sentýabrda bir beýannama çykaryp, Ahwazda bolan hüjümi “ýigrenji we namartlyk bilen edilen terroristik hüjüm” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG