Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Baku Daglyk-Garabagdaky harby türgenleşikler boýunça ermenilere duýduryş berdi


Baku bilen Ýerewanyň gatnaşyklary Daglyk-Garabag sebitindäki dawa sebäpli ençeme ýyl bäri dartgynly bolmagyna galýar.

Azerbaýjan özüniň separatist Daglyk-Garabag sebitinde Ermenistanyň goldaýan güýçleri tarapyndan şu hepde geçirilmeli harby-türgenleşik çärelerini “prowokasiýa” diýip atlandyrdy.

Daglyk-Garabagyň de facto, ýagny iş ýüzündäki resmileri 25-28-nji sentýabr aralygynda harby howa güýçleriniň türgenleşik geçirjekdigini yglan etdiler. Munuň uçarmanlaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigi aýdyldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi “azeri harby bölümlerine aralaşan islendik duşman howa gämisiniň dessine ýok ediljekdigini” aýdyp, beýanat ýaýratdy.

Baku bilen Ýerewanyň gatnaşyklary Daglyk-Garabag sebitindäki dawa sebäpli ençeme ýyl bäri dartgynly bolmagyna galýar.

Aglaba ermenileriň ýaşaýan bu regiony 1988-94-nji ýyllardaky uruşdan soň, özüniň Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG