Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda rus-gyrgyz terrorçylyga garşy türgenleşikleri başlady


Türgenleşiklere 400 töweregi harby enjamyň, şol sanda 30 sany rus uçarynyň we Iskander-M ballistik raketa ulgamlarynyň gatnaşýandygyny mälim edildi.

Gyrgyzystanyň gündogarynda 2 müň töweregi rus we gyrgyz harby güýçleri bilelikdäki terrorçylyga garşy türgenleşikleri geçirýärler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi Edelweýiss türgenleşik merkezinde geçirilýän çärelere 400 töweregi harby enjamyň, şol sanda 30 sany rus uçarynyň we Iskander-M ballistik raketa ulgamlarynyň gatnaşýandygyny mälim etdi.

Bu Garaşsyz Döwletler Arkalaşgynyň şu aýda başlan Issyk-Köl 2018 Terrora garşy türgenleşik çäreleriniň bir bölegidir.

GDA-nyň terrorçylyga garşy merkeziniň başlygy Andreý Nowikow türgenleşikleriň Merkezi Aziýa sebitinde terroristleriň ornaşmak howpuna garşy gönükdirilendigini mälim etdi.

Gyrgyz premýer-ministri Ženiş Razakow “Owgansytdandan abanýan terroristik howpuň güýçlenýändigini” aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG