Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ilatyň girdejileriniň “artandygyny” aýdyp, mugt hyzmatlara tölegleri girizmegi teklip etdi


 Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti ilatyň girdejileriniň “görnetin artandygyny”, şeýle-de “her maşgala gazanç etmek, çagalary ekläp-saklamak üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini” öňe sürüp, “gazy, elektrik energiýasyny, agyz suwuny mugt sarp etmek üçin goýberilýän serişdeleriň, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň we jemagat hyzmatlarynyň tölegleriniň esaslandyrylan ulgamyny ýola goýmagyň maksada laýyk boljakdygyny” aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada Aşgabatda Halk Maslahatynyň ilkinji mejlisinde çykyş etdi.

Eger-de, prezidentiň bu teklibi oňlansa, onda ozal berlen mugt hyzmatlar tölegli hasaba geçirilip bilner.

Bellesek, Türkmenistan häzir agyr ykdysady krizisi başdan geçirýär.

XS
SM
MD
LG