Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

10 ýyl sürgünlikde ýaşan tanymal özbek aktiwisti Özbegistana dolandy


Tolib Ýokubow
Tolib Ýokubow

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän tanymal özbek aktiwisti we öňki prezident Yslam Kerimowyň aç-açan tankytçysy 10 ýyldan gowrak wagt Fransiýada sürgünlikde ýaşandan soň, Özbegistana dolandy.

26-njy sentýabrda Daşkentde Tolib Ýokubowy onuň dogan-garyndaşlary, dostlary we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistler garşy aldy.

“Özbek adam hukuklary jemgyýetiniň” döredijisi Ýokubow özüniň howpsuzlygyndan alada edip, 2007-nji ýylda Özbegistany terk etdi we 2014-nji ýylda häkimiýetler onuň raýatlygyny elinden aldy.

Ýokubowyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, awgust aýynyň ortalarynda Özbegistanyň Pariždäki ilçihanasyň resmileri aktiwist bilen habarlaşyp, onuň bir ýyllyk wiza bilen ýurda sapar edip biljekdigini aýdýarlar.

78 ýaşyndaky Ýokubow Fransiýanyň raýatlygyna eýedir.

Ýokubowyň Özbegistana barmagyna, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň öňümizdäki aýda Fransiýa etmegine garaşylýan saparynyň öň ýanynda rugsat berildi.

XS
SM
MD
LG