Eýranyň Yslam Rewolýusion gwardiýasy ýurduň günorta-gündogaryndaky Sistan-Balujystan welaýatynda, Pakistanyň golaýyndaky “Sarawan” serhet geçelgesinde dört söweşijiniň öldürilendigini aýdýar.
28-nji sentýabrda Eýranyň resmi mediasynda çap edilen beýanatda agzalýan gwardiýa “eýran güýçleri dört terroristi öldürdi we başga-da iki sanysyny ýaralady” diýýär.
“Terrorist toparyň beýleki agzalary goňşy döwlete gaçyp gitdi’ diýlip, beýanatda toparyň “dünýäniň tekepbir häkimiýeti” bilen ilteşiklidigi aýdylýar.
Sistan-Balujystan welaýatynda Eýranyň howpsuzlyk güýçleri söweşijiler we neşe gaçakçylary bilen yzygiderli çaknyşýar. Bu welaýat owgan gök narynyň we geroininiň kontrabanda ýollar arkaly geçirilýän ugrunda ýerleşýär.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok