Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ "howp-hatarlara" salgylanyp, Yrakdaky konsullygyny ýapýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo. Arhiw suraty, 25-nji sentýabr, 2018.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo. Arhiw suraty, 25-nji sentýabr, 2018.

Eýran hökümetinden we Yrakda Eýran tarapyndan goldanylýan milisiýadan abanýan howp-hatarlara, bu milisiýanyň öz binalaryna raketa hüjümini edýändigine salgylanyp, Birleşen Ştatlar özüniň Basradaky konsullygyny ýapjakdygyny yglan etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 28-nji sentýabrda özüniň goňşy ýurtdaky amerikanlara we ABŞ-nyň diplomatik binalaryna edilen islendik hüjümde Eýrany gönüden-göni jogapkär hasaplajakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň bu beýanaty golaýda bolan raketa hüjümleriniň yz ýanyna gabat geldi we Pompeo olaryň Basradaky konsullyga we ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasyna gönükdirilendigini aýtdy.

Bu raketalar binalara hiç bir zyýan ýetirmedi.

Eýranyň DIM-i ABŞ-nyň zorlugy öjükdirmek barada aýdýanlaryny "geň galdyryjy, prowokatiw we jogäpkärçiliksiz" diýip häsiýetlendirdi.

Yragyň Daşary işler ministrligi 29-njy sentýabrda çap eden beýanatynda ABŞ-nyň Basradaky konsullygyny ýapmak kararyna "gynanç" bildirdi.

XS
SM
MD
LG