Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa kämilleşdirilen howa gorag ulgamlaryny iberýär


S-300 raketa gorag sistemasy
S-300 raketa gorag sistemasy

Orsýet, Birleşen Ştatlaryň we Ysraýylyň garşylyklaryny bildirmeklerine garamazdan, Siriýa S-300 raketa gorag ulgamlaryny ibermäge başlady diýip, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy.

Prezident Wladimir Putiniň 17-nji sentýabrda rus harby uçary urlup ýykylandan we onuň bortundaky 15 harby gullukçy öldürilenden soň beren buýruklaryna laýyklykda, “eltip bermek eýýäm başlandy” diýip, Lawrow 28-nji sentýabr güni giçlik BMG-niň metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Biziň görjek çärelerimiz biziň Siriýadaky adamlarymyzyň 100 prosent aman-esenligini we howpsuzlygyny üpjün etmäge bagyşlanar” diýip, ol aýtdy.

Orsýetiň Il-20 aňtaw uçary Siriýanyň uçara garşy güýçleri tarapyndan urlup ýykyldy. Emma Orsýet bu hadysa sebäpli Ysraýyly günäkärledi, ýagny şol wagt Siriýadaky nyşanalara garşy reýd geçiren ysraýyl pilotlarynyň urgudan gaçyp, rus uçarynyň arkasyna duwlanandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG