Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan we Pakistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bir-birini aýyplaýar


Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj
Hindistanyň daşary işler ministri Suşma Swaraj

Hindistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynda gaharly çykyş edip, Pakistany terrorçylary penalamakda aýyplady.

Daşary işler ministri Suşma Swaraj BMG-niň 29-njy sentýabrdaky ýygnanyşygynda çykyş edip, Hindistanyň Pakistan bilen parahatçylyk gepleşiklerini bökdeýändigini ret etdi we munuň “doly ýalandygyny” aýtdy.

Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmood Kureşi bolsa, Baş Assambleýada biraz soň eden çykyşynda Hindistan “parahatçylyga garanda syýasaty ileri tutýar” diýdi.

Swaraj we Kureşi şu hepde BMG-niň ýygnaklarynyň gapdalyndan duşuşmalydy. Emma Hindistan bu duşuşyk yglan edileninden bir gün soňra, dawaly Kaşmir sebitinde Hindistanyň bir serhet goragçysy öldürileninden soň ony goýbolsun etdi.

Kureşi munuň häzirki hindi adminstrasiýasynyň planlaşdyrylan duşuşygy üçünji gezek goýbolsun etmegi bolýandygyny, olaryň her gezek “ugursyz esaslara” daýanýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG