Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tähran: Ahwazdaky hüjümiň arkasynda duranlara garşy raketa atyldy


Eýranyň raketalary. Arhiwdan alnan illýustrasiýa suraty.

Eýran Siriýadaky jeňçilere garşy ençeme ballistik raketalaryny atdy diýip, ýurduň mediasy habar berýär.

Tähran şol jeňçileri 22-nji sentýabrda Ahwaz şäherindäki parada edilen ýaragly hüjümi amala aşyrmakda aýyplaýar. Gürrüňi gidýän wakada azyndan 24 adam ölüp, 60-sy hem ýaralanypdy.

Fars habar agentligi Eýranyň Siriýanyň gündogaryndaky Albu Kamal sebitine atan raketalarynyň netijesinde ençeme jeňçiniň ölendigini habar berdi.

Tähran Ahwaz şäherine edilen hüjümiň arkasynda eýranly arap separatistleriniň durandygyny aýdýar. Şol bir wagtda, “Yslam döwleti” ekstremistik topary hem bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary raketalaryň “Ahwazda amala aşyrylan terroristik hüjümiň arkasynda duranlaryň baş binasyna atylandygyny” aýdyp, beýanat ýaýratdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG