Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýadaky referenduma ses berijileriň gerekli sany gelmändir


Makedoniýalylar referendumda ses berýärler. 30-njy sentýabr, 2018 ý.
Makedoniýalylar referendumda ses berýärler. 30-njy sentýabr, 2018 ý.

Makedoniýalylar goňşulary Gresiýa bilen gelnen at çalyşmak ylalaşygyny kabul etmek meselesini çözmek üçin referendumda uly goldawyň bolandygyny, emma onuň netijelerini kabul etmek üçin ses berijileriň gerekli 50%-niň gelmändigini mälim etdiler.

Duşenbe güni ir bilen sesleriň 98.6%-niň sanalmagy netijesinde, ses berijileriň 91.5%-niň ýurduň adyny Demirgazyk Makedoniýa respublikasy diýip üýtgetmek ylalaşygyny goldandygy habar berlipdi.

Emma, bu planlara garşy çykýanlaryň, şol sanda prezident Gjorge Iwanowyň we parlamentdäki oppozisiýanyň yglan eden boýkoty netijesinde, Makedoniýanyň ses bermäge hukugy bolan 1.8 million raýatynyň diňe 36.9%-i ses bermäge gelipdir.

“Bu referendum netijäniň kabul edilmändigini görkezdi” diýip, Makedoniýanyň döwlet saýlaw komissiýasynyň başlygy aýtdy.

XS
SM
MD
LG