Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Žanaozende protestleri gurnamakda aýyplanan gazak aktiwisti jaýlandy


Maksat Dosmagambetow. 2015 ý.

Gazagystanda nebit işgärleriniň protestini gurnamakda aýyplanyp tussag edilen gazak aktiwisti, rak keselinden ýogalandan soň, jaýlandy.

Türmede gynalandygy aýdylýan Maksat Dosmagambetow geçen hepde 35 ýaşynda aradan çykdy. Ol duşenbe güni Žanaozende jaýlandy.

Dosmagambetowyň jynazasyna ýüzlerçe nebit işgärleri, adam hukuk aktiwistleri, merhumyň dostlary we ýakynlary geldiler.

Dosmagambetow 2011-nji ýylda Žanaozende bir aýlyk protestleri gurnamakda aýyplanyp tussag edilen birnäçe aktiwistiň biridir.

Polisiýa dekabrda geçirilen protestleri dargadanda, azyndan 16 adamy atyp öldüripdi. Bu gazak we halkara hukuk goraýjylary tarapyndan ýazgarylypdy.

Dosmagambetow 2012-nji ýylda alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG