Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda ýol heläkçiliginde bir maşgalanyň ýedi agzasy öldi


Täjigistanyň Lakhş etraby.
Täjigistanyň Lakhş etraby.

Täjigistanda bir ýük ulagy ýoldan çykyp, gaýadan derýa gaçanda bir maşgalanyň ýedi agzasy ýogaldy.

Ýurduň demirgazygyndaky Lakhş etrabynda 30-njy sentýabrda ýüze çykan bu hadysada başga-da bäş adam ýaralandy.

Ýük ulagy kartoşka ýygymyndan soň, oba dolanyp barýardy. Onuň üstünde 11 adam bardy.

Ýerli polisiýanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ýogalanlar dört we 45 ýaş aralygynda bolup, olaryň ählisi Şarapowlaryň maşgalasyndan ekenler.

Saglyk resmileriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, heläkçilikden aman galanlara agyr şikesler ýetipdir.

Prezident Emomali Rahmon iýul aýynda eden çykyşynda, ýurtdaky ýol heläkçilikleriniň gerimine alada bildiripdi. Ol 2011-nji ýyldan bäri ýol hadysalarynda 3 müň 300 töweregi adamyň ölendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG