Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Liwan aeroportyň golaýynda Hizballanyň raketalarynyň saklanýandygy baradaky aýyplamalary ret etdi


Liwanyň daşary işler ministri Gebran Bassil

Liwanyň daşary işler ministri onlarça ýurduň ilçisini Beýrutyň golaýyndaky halkara aeroportyna aýlady.

Bu Ysraýylyň gürrüňi gidýän sebitde Eýran tarapyndan goldanylýan Hizballah toparynyň raketalary ýygnaýandygy baradaky aýyplamalaryny ýalana çykarmak synanyşygynyň çäginde amal edildi.

Gebran Bassil 70 diplomatdan we žurnalistlerden ybarat topara hökümetiň aeroportyň golaýynda raketalaryň ýerleşdirilmegine rugsat bermejekdigini, şeýle-de Hizballanyň muny ederden “has akyllydygyny” aýtdy.

Ol Ysraýylyň aýyplamalarynyň “nätakykdygyny”, şeýle-de onda “ynandyryjy delilleriň” ýokdugyny aýtdy.

Geçen hepde Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda şaýy harby toparynyň aeroportyň golaýynda raketalary saklaýandygyny aýdypdy.

1982-nji ýylda Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary tarapyndan esaslandyrylan Hizballah topary Netanýahunyň aýyplamalaryna reaksiýa bildirmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG