Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Siriýa S-300 ýer-asman raketa gorag sistemasyny eltendigini aýdýar


 S-300 ýer-asman raketa gorag sistemasy
S-300 ýer-asman raketa gorag sistemasy

Orsýet, Ysraýylyň we ABŞ-nyň garşylygyna garamazdan, Siriýa özüniň S-300 ýer-asman raketa gorag sistemasyny eltendigini aýdýar. Ysraýyl we ABŞ ýarag söwdasynyň Siriýadaky raýat urşuny has-da gyzdyrjagyny aýdýarlar.

"Bu iş bir gün öň tamam boldy” diýip, Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu 2-nji oktýabrda prezident Wladimir Putine aýtdy.

Şoýgu bu sistemanyň Siriýadaky rus harby gullukçylarynyň howpsuzlygyny pugtalandyrjakdygyny tassyklady we siriýaly harbylara täze sistemany işletmegi öwretmegiň üç aý wagt aljakdygyny aýtdy.

Orsýetiň aňtaw uçary Siriýada, Siriýanyň howa goragy güýçleri tarapyndan urlup ýykylandan soň, Putin bu sistemanyň Siriýa eltilmegini buýurdy.

Orsýet 15 harbynyň ölümine getiren hadysada bölekleýin şol wagt Siriýadaky nyşanalara garşy reýd geçiren Ysraýyly günäkärledi. Orsýetiň garaýşyndan, ysraýyl uçarlary urgudan gaçyp, rus uçaryna duwlanypdyr.

Ysraýyl bu ýerde Siriýanyň harbylarynyň kompetentsizligini günäledi we Eýranyň Siriýadaky harby nyşanalaryny bombalamagy dowam etjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG