Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-de Berdimuhamedowyň kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşlerine täze kitabyny sowgat berýär. Arhiw suraty
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşlerine täze kitabyny sowgat berýär. Arhiw suraty

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Tanyşdyryş dabarasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisine gelen köp sanly wekiliýetleriň, guramanyň dürli komitetleriniň we bölümleriniň wekilleriniň gatnaşandygy aýdylýar.

Neşiriň maglumatyna görä, bu kitap, BMG-ä gatnaşyjy ýurtlaryň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda milli we pudaklaýyn maksatnamalary, iri taslamalary amala aşyrmagyň netijeleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Emma Türkmenistandaky ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan synçylar ýurtda yglan edilýän programmalaryň köplenç kagyz ýüzünde galýandygyny, hakykatda ilatyň durmuş, güzeran ýagdaýlarynyň ýyl-ýyldan agyrlaşýandygyny öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG