Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ozalky rus içalysy Skripaly “dönük” hem “haramzada” diýip atlandyrdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 3-nji oktýabrda Moskwadaky Energiýa forumynda çykyş edýär.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 3-nji oktýabrda Moskwadaky Energiýa forumynda çykyş edýär.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ozalky rus aňtaw ofiseri Sergeý Skripala awusyny pürkdi, ýagny ony “dönük” hem “haramzada” diýip atlandyrdy.

Britaniýa Moskwany Skripaly we onuň gyzyny Angliýada nerw agenti bilen zäherlemekde aýyplaýar.

Putin 3-nji oktýabrda Moskwadaky Energiýa forumynda çykyş edip, Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegi bilen bagly dawanyň “emeli ýagdaýda döredilen ýene bir içalyçylyk galmagalydygyny” aýtdy.

"Men siziň kärdeşleriňiziň käbiriniň Skripal nähilidir bir görnüşdäki adam hukuklaryny goraýjy diýen teoriýany öňe sürýändigini görýärin” diýip, Putin diňleýjilere ýüzlenip aýtdy.

“Ol bir içaly. Öz ýurduna dönük. Bu ýerdeöz watanyňa dönüklik diýen bir zat. Ol şol dönükleriň biri”. “Ol bir haramzada, bu ýerde bar bolan zat şu” diýip, Putin aýtdy.

XS
SM
MD
LG