Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň Hameneýisi sanksiýalary ýeňip, ABŞ-a 'şarpyk' çalmagy wada berýär


Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi Azadi stadionyndan söz sözleýär.
Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi Azadi stadionyndan söz sözleýär.

Eýranyň ýokary lideri aýatolla Ali Hameneýi Eýranyň ýurduň ykdysadyýetini nyşana alan ABŞ sanksiýalaryndan üstün çykmak bilen, Birleşen Ştatlara “şarpyk” çaljakdygyny aýdýar.

"Allanyň ýardamy bilen, biz sanksiýalardan üstün çykarys. Onsoň sanksiýalardan üstün çykylmagy Amerikadan üstün çykylmagy bolar” diýip, Hameneýi 4-nji oktýabrda Tähranyň Azadi stadionynda sözlän sözünde aýtdy.

Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň maýda Waşingtony 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen Tähranyň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çykarmak kararyna gelmegi bilen güýçlendi.

ABŞ adminstrasiýasy geçen aý Eýranyň ykdysadyýetine garşy ozal girizilen we ýadro ylalaşygyndan soň, Tähranyň ýadro programmasyny jylawlamagynyň deregine ýatyrylan sanksiýalary dikeltmäge we gaýtadan girizmäge başlady.

Gadaganlyk jezalarynyň ikinji tapgyry noýabryň başynda, Eýranyň nebit eksportyny nyşana almak bilen güýje giriziler.

ABŞ-nyň bu çäreleri Eýranyň ykdysadyýetine ýarmaz täsir ýetirdi we ýurduň milli puly rial rekord derejede hümmetini gaçyrdy.

Hamaneýi ýarym harby “Basij” güýçleriniň we Yslam rewolýusiýasynyň goragçylary korpusynyňuly komandirleriniň on müňlerçesiniň öňünde sözlän sözünde “Birleşen Ştatlar, sanksiýalaryndan üstün çykylmagy bilen, Eýranyň halkyndan ýene bir şarpyk iýmeli” diýdi.

Ol, döwletiň ykdysady problemalaryna we ýurtdaky gowşak adamlaryň uly böleginiň çäkli güzeran mümkinçiliklerine salgylanyp,eýran halkynyň ýagdaýynyň “gowuşgynsyzdygyny” boýun aldy.

Emma ýokary lider “ykdysady sanksiýalar biziň milli ykdysadyýetimizden has gowuşgynsyz” diýdi.

Şeýle-de, eýran lideri Birleşen Ştatlar bilen gepleşiklere çagyrýanlara garşy beren duýduryşyny gaýtalady, ýagny beýle çagyryşlaryň “dönüklik” bilen deňdigini aýtdy.

"Duşman döwletiň ýeke-täk çykalga Birleşen Ştatlara tabyn bolmak diýen netijä gelmegini isleýär” diýip, Hameneýi aýtdy.

Tähran iýulda ABŞ-nyň sanksiýalary dikeltmegine garşy Halkara Adalat suduna şikaýat etdi we munuň iki ýurduň arasyndaky onlarça ýyllyk dostluk şertnamasyna ters gelýändigini öňe sürdi.

Haagadaky sud 3-nji oktýabrda çykaran deslapky kararynda Tähranyň aýdýanlary bilen ylalaşdy we Birleşen Ştatlara şu ýylyň başynda Eýranyň garşysyna gaýtadan girizen sanksiýalaryny gowşatmagyny buýurdy.

Birleşen Ştatlar bu buýruga 1955-nji ýylda Waşington bilen Tähranyň arasynda baglaşylan Dostluk şertnamasyny ýatyrmak bilen jogap berdi, ýagny HAS-nyň kararynyň onuň “doly bolgusyzlykdygyny” görkezendigini aýtdy.

1955-nji ýylda baglaşylan şertnama Eýran bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda “dostlukly gatnaşyklaryň” gurulmagyna çagyrýardy we taraplary özara söwda we inwestisiýa, düzgünleşdirilen diplomatik gatnaşyklara hyjuwlandyryp, dawalaryň HAS arkaly çözülmegini kepillendirýärdi.

Bu şertnama Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň gowy wagtynda, 1979-njy ýylda iki ýurduň arasyna uzak wagtlyk duşmançylyk getiren rewolýusiýadan kän öň gol çekilipdi.

XS
SM
MD
LG