Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain kinorežissýory Oleh Sentsow bäş aýa golaý dowam eden açlygyny bes etdi


Sentsow 14-nji maýda açlyga başlady.

Orsýetde terrorçylyk aýyplamalary esasynda türmä basylan ukrain kinorežsissýory Oleh Sentsow bäş aýa golaý dowam eden açlygyny bes etdi diýip, Orsýetiň türme sistemasynyň başlygynyň orunbasary aýdýar.

Walery Maksimenko 5-nji oktýabrda Sentsowyň nahar iýip başlamaga razy bolandygyny, Moskwanyň naharlanmak boýunça ekspertleriniň onuň nahar siňdirmegini ýuwaş-ýuwaşdan doly dikeltmek üçin ýörite dieta taýýarlandyklaryny” aýtdy.

Krymda doglan Sentsow 2014-nji ýylda Orsýetiň ukran ýarymadasyny ele geçirmegine garşy boldy we, hukuk goraýjy guramalaryň, Günbatar hökümetleriniň pikiriçe, syýasy äheňli sudda terrorizm aýyplamasynda günäli tapylyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Orsýetiň uzak demirgazyk sebitinde, Ýamalo-Nenetsk regionynda türmede saklanylýan Sentsow 14-nji maýda, Orsýsetiň 64 ukrain tussagyny azatlyga goýbermegini talap edip, açlyga başlady. Ol bu tussaglaryň syýasy sebäpler esasynda türmä basylandygyny aýdýar.

Sentsow özüniň bigünädigini aýdyp, rus prezidentinden günä geçiş soramakdan boýun gaçyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG