Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain kinorežissýory Oleh Sentsowyň bäş aýa golaý dowam eden açlygyny bes edendigi aýdylýar


Sentsow 14-nji maýda açlyga başlady
Sentsow 14-nji maýda açlyga başlady

Orsýetiň türme sistemasy ýurtda terrorçylyk aýyplamalary esasynda türmä basylan ukrain kinorežsissýory Oleh Sentsow bäş aýa golaý dowam eden açlygyny bes edendigini aýdýar. Ýöne bu maglumaty Sentsowyň adwokatlary heniz ne tassyklady ne-de inkär etdi.

Türme sistemasynyň başlygynyň orunbasary Walery Maksimenko 5-nji oktýabrda Sentsowyň nahar iýip başlamaga razy bolandygyny, Moskwanyň naharlanmak boýunça ekspertleriniň onuň nahar siňdirmegini ýuwaş-ýuwaşdan doly dikeltmek üçin ýörite dieta taýýarlandyklaryny” aýtdy.

Sentsow “resmi taýdan nahar iýip başlamaga razy bolandygyny resmi taýdan ýazmaça aýtdy” diýip, “Dožd” garaşsyz habar neşiri Maksimenkanyň sözlerini getirdi.

Sentsowyň dogan garyndaşlary we onuň adwokaty bu habar boýunça kommentariý bermedi.

Maksimenko “tussagyň adwokatlary oňa dogry karary almakda kömek etdiler” diýdi.

“Onuň ýagdaýy gowulaşar” diýip Maksimenko sözünie goşdy.

Krymda doglan Sentsow 2014-nji ýylda Orsýetiň ukran ýarymadasyny ele geçirmegine garşy boldy we, hukuk goraýjy guramalaryň, Günbatar hökümetleriniň pikiriçe, syýasy äheňli sudda terrorizm aýyplamasynda günäli tapylyp, 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Orsýetiň uzak demirgazyk sebitinde, Ýamalo-Nenetsk regionynda türmede saklanylýan Sentsow 14-nji maýda, Orsýsetiň 64 ukrain tussagyny azatlyga goýbermegini talap edip, açlyga başlady. Ol bu tussaglaryň syýasy sebäpler esasynda türmä basylandygyny aýdýar.

Sentsow özüniň bigünädigini aýdyp, rus prezidentinden günä geçiş soramakdan boýun gaçyrdy.

Geçen aý Human Rights Watch guramasy Sentsowyň adwokatyna salgylanyp, onuň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşansoň, geçen iki aýyň dowamynda goşmaça iýmit almaga razy bolandygyny habar berdi.

Diplomatlar, tanymal şahsyýetler, şol sanda režissýor Žan Luk Godard we aktýor Jonni Dep ýaly belli-meşhur adamlar Setsowyň türmeden boşadylmagyna çagyryp çykyş etdiler.

Geçen aý Wenesiýada geçirilen kino festiwalda Golliwudyň ýyldyzlary Moskwany onuň ölümine ýol bermezlige çagyrdy. Şeýle-de rus film industriýasynyň görnükli wekilleri hem Sentsowyň azatlyga goýberilmegine çagyrdy.

XS
SM
MD
LG