Pakistanyň korrupsiýa garşy edarasy oppozisiýa lideri Şahbaz Şarifi, jaý shmesy bilan baglylykda, korrupsiýa aýyplamalarynda tussag edendigini aýdýar.
Milli hasabatlylyk býurosynyň beýanatynda Şarifiň, ozalky premýer-ministr Nawaz Şarifiň doganynyň 5-nji oktýabrda, birnäçe sagada çeken soragdan soň tussag edilendigi aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, Şahbaz Şarifiň suduň öňüne haçan çykaryljagy aýdyň bolman galýar.
Şahbaz Şarif 2013-2018-nji ýyllarda Panjab welaýatynyň baş ministri bolanda, öz ygtyýarlyklaryny nädogry ulanmakda aýyplandy.
Pakistanyň Musulman ligasy-Nawaz partiýasy, Şahbaz Şarifiň ýolbaçşylygyndaky partiýa bu tussag etmäni ýazgardy we onuň syýasy sebäplidigini aýtdy.