Bret Kawano (Brett Kavanaugh), Senatda gapma-garşylykly seçgi tassyklanandan birnäçe sagat soň, ABŞ-nyň Ýokary sudunyň 114-nji sudýasy hökmünde sudda guralan hususy dabarada kasam kabul etdi.
6-njy oktýabrda bolan kasam kabul edişlik ýüzlerçe anti Kawano protestçisiniň Waşingtonda Ýokary suduň basgançaklaryny eýelän wagtynda geçirildi.
Polisiýa 6-njy oktýabrda bu protestçileriň 164-siniň tussag edilendigini aýtdy.
Respublikanlaryň kontrollygyndaky Senat 6-njy oktýabrda Kawanonyň peýdasyna (50-48) ses berdi.
Bu ses berişlik Kawanonyň kandidaturasy üstünde turan çekeleşikli dawany soňlady, bu çekeleşik onuň 1980-nji ýyllarda jynsy taýdan azar beren aýallarynyň aýyplamalary bilen güýçlendi. Kawana özüne ýöňkelýän günäleri ret etdi.
Tramp Kansasda geçjek syýasy ýygnanyşyga barýan wagtynda Kawanony “demokratlar tarapyndan edilen aýylganç, aýylganç hüjüme garşy durup bilendigi üçin” taryp etdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.