Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Netanýahu urlup ýykylan rus aňtaw uçaryndan soň ilkinji duşuşyga taýýarlanýar


Putin bilen Netanýahu 15 harbynyň ölümine getiren uçar hadysasyndan soň azyndan üç gezek telefonda gürleşdi.
Putin bilen Netanýahu 15 harbynyň ölümine getiren uçar hadysasyndan soň azyndan üç gezek telefonda gürleşdi.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu “basym” rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjagyny aýdýar.

Bu geçen aý Ortaýer deňziniň günortasyndaky asmanda rus aňtaw uçary Siriýanyň howa-gorag güýçleri tarapyndan urlup ýykylandan soň, iki lideriň arasyndaky ilkinji duşuşyk bolar.

Netanýahu we Putin telefonda gepleşip, wajyp howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler. Ysraýyl lideri bu maglumaty 7-nji oktýabrda, gepleşikleriň hiç bir senesini agzaman habar berdi.

Putin bilen Netanýahu 17-nji sentýabrda bolan we 15 harbynyň ölümine getiren uçar hadysasyndan soň azyndan üç gezek telefonda gürleşdi.

Orsýet bu hadysada bölekleýin Ysraýyly günäkärledi, sebäbi şol wagt ysraýyl uçarlary Siriýadaky eýran nyşanalaryna garşy reýd geçirýärdi.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Ysraýylyň uruş uçarlarynyň Siriýanyň howa-gorag güýçleriniň okundan sypmak üçin rus uçaryna bukulyp uçandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG