Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda Interpolyň ozalky başlygy korrupsiýa aýyplamalary boýunça derňelýär


Meng Hongweý
Meng Hongweý

Hytaý hökümeti Interpolyň Hytaý şahamçasynyň ozalky başlygy Meng Hongweýiň parahorlyk we beýleki aýdyňlaşdyrylmadyk aýyplamalar boýunça derňelýändigini tassyklady.

“Meng Hongweýiň para berendigi we alandygy, şeýle-de beýleki kanun bozmalar boýunça derňelmegi juda ýerlikli, dogry we parasatly” diýip, Jemgyýetçilik Howpsuzlyk Ministrligi aýtdy.

Mengiň 25-nji sentýabrda Fransiýanyň Lion şäherinde geçen konferensiýadan dolanyp gelenden soň ýitrim bolandygyna üns çekilipdi.

Geçen şenbe güni Korrupsiýa garşy göreş edarasy bir sözlemde Mengiň derňelýändigini mälim etdi. Şol gün Interpol Mengiň wezipesinden çekilýändigi barada arzasyny tabşyrandygyny aýtdy.

Meng Interpolyň prezidenti bolmak bilen birlikde, Hytaýyň jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça wise-ministiridi.

XS
SM
MD
LG