Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Braziliýada sagçy syýasatçy prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyryny ýeňdi


Žair Bolsonaro

Braziliýada prezedinetlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynda sagçy syýasatçy Žair Bolsonaro sesleriň aglabasyny almagy başardy. Şol bir wagtda, deslapky netijelere görä, ol saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Sao Paulonyň ozalky häkimi Fernando Haddad bilen bäsleşer.

63 ýaşly Bolsonaro ýekşenbe güni geçirilen saýlawlardaky sesleriň 96%-niň sanalmagy netijesinde, sesleriň 46.7%-ni alypdyr.

Ozalky prezident Luiz Inasio Lula da Silwanyň Halk Partiýasyna wekilçilik edýän, 55 ýaşly Haddad sesleriň 28.4%-ni almagy başarypdyr.

Saýlawlardan öň, ozalky armiýa kapitany Bolsonaronyň 36%-den köp sesleri alyp bilmejekdigi çaklanypdy.

Bolsonaro jenaýata we korrupsiýa garşy berk göreş alyp barjakdygyny söz berýär.

Prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry 28-nji oktýabrda geçiriler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG