Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada Oktoberfeste 6.3 million adam gatnaşdy


Oktoberfest piwo festiwaly. Arhiw suraty.
Oktoberfest piwo festiwaly. Arhiw suraty.

Germaniýada meşhur Oktoberfest piwo festiwaly tamamlanyp, onuň dowamynda 6.3 million adam 7.5 million litr piwo içdi.

Her ýyl Mýunihde geçirilýän festiwala bu ýyl geçen ýylka garanyňda 100 müň adam köp geldi.

Dünýäniň iň uly piwo festiwaly 22-nji sentýabr-7-nji oktýabr aralygynda geçdi.

Bu festiwal 1810-njy ýylda Bawariýanyň şazadasy bilen Saksoniýa-Hildburghauzeniň şagyzynyň toýunda esaslandyryldy.

Bu ýylky çärä ABŞ-nyň ozalky prezidenti Bill Klinton, onuň aýaly Hillari dagy gatnaşdylar.

Festiwalyň dowamynda jenaýatyň 10% azalandygy aýdyldy. Şol bir wagtda, 58 ýaşly bir adam ýakalaşykdan soň aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG