Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Global temperaturany aşakda saklamak üçin “uly özgerişler” amala aşyrylmaly


8-nji oktýabrda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň (WMO) baş sekretary Petteri Taalas metbugat konferensiýasyny geçirdi.
8-nji oktýabrda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň (WMO) baş sekretary Petteri Taalas metbugat konferensiýasyny geçirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň 8-nji oktýabrda çykaran raportynda aýdylmagyna görä, dünýä jemgyýetçiligi global temperaturany göz öňünde tutulan derejesinden aşakda saklajak bolsa, “ozal görlüp-eşidilmedik özgerişleri” amala aşyrmaly. Beýle edilmedik ýagdaýda, gitdigiçe artýan gyzgynlyk tolkunlary, sillere sebäp bolýan tupanlar, şeýle hem käbir regionlarda gurakçylykdan dörän özgerişler bilen ýüzbe-ýüz bolmak howpy dörär.

BMG-niň Klimat özgerişi baradaky halkara komissiýasy (IPCC) raportyň çykarylmagy mynasybetli eden beýanatynda Ýer şarynyň temperaturasynyň artmagyny 2015-nji ýylda Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan 2 gradusdan däl-de, diňe 1,5 gradusdan geçirmän saklamak “adamlara we tebigy ekosistemasyna göz-görtele bähbitli” bolar diýdi.

IPCC-niň raportynda bellenmegine görä, häzirki ýylylyk derejesini nazara alanyňda dünýäniň temperaturasynyň 2030-njy we 2052-nji ýyllaryň aralygynda 1,5 gradus artmagy mümkin.

Maksat edilýän 2 gradusy däl, 1,5 gradusy saklap bolsa, 2100-nji ýyla çenli deňiz suwlarynyň derejesi 0,1 metr artar diýlip hasabatda aýdylýar. Bu bolsa deňiz kenarlarynda, adalarda we derýalaryň deltalarynda ýaşaýan ilata klimat özgermesine uýgunlaşmaga bir pursat bolar.

Temperatura derejesini aşaklatmak, şol bir wagtda-da, janly-jandarlaryň görnüşleriniň azalmagynyň, olaryň ýok bolup gitmeginiň, şeýle hem ýer ýüzüne, arassa suwa we kenarlaryň ekosistemasyna ýetjek zyýanlaryň öňüni alar.

“Ýylylygyň her bir bölejigi möhüm rol oýnaýar, aýratyn-da 1,5 gradus ýa onuň artmagy käbir ekosistemalaryň ýogalmagy ýaly soňra düzedip bolmajak uzak möhletli üýtgemeler bilen baglanyşykly” diýip, BMG-niň Klimat özgerişi baradaky halkara komissiýasynyň iş toparyna ýolbaşçylyk eden Otto Pörtner aýdýar.

Komissiýa hasabat işini jemlemek we hökümetleriň haýyşy boýunça global ýylylygy 1,5 gradusda çäklendirmegiň ähmiýeti we ony amala aşyryp boljakdygy ýa bolmajakdygy hakda pikir alyşmak maksady öten hepde Günorta Koreýanyň Inçeon şäherinde duşuşdy.

Hasabata 2015-nji ýylda Parižde gelnen ylalaşygy amala aşyrmak hakda hökümetlere ylmy taýdan ýol görkeziji diýip garalýar.

Ýylylygy 1,5 gradusda saklamak üçin adamlar tarapyndan döredilýän kömürturşy gazynyň 2030-njy ýyla çenli 45 prosent çemesi azaldylmagy zerur.

Görlüp-eşidilmedik özgeriş

Hasabatda bellenmegine görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäde sarp edilýän elektrik togunyň 70-85 prosenti gaýtadan dikeldip bolýan energiýadan üpjün edilmeli.

Global temperatura ortaça hasap bilen wagtlaýyn 1,5 gradusdan geçse, onda ony 2100-nji ýyla çenli 1,5 gradusdan aşakda saklamak üçin uglerody aradan aýyrmaga goşmaça tehnologiýa gerek bolar.

Ýöne hasabatda aýdylmagyna görä, tokaýlary döretmek, bioenergiýadan peýdalanmak we kömürturşy gazyny tutup saklamak hem töwekgelçilikli, sebäbi bu entek synagdan geçirilen zat däl.

Ýöne 1,5 gradus maksadyna ýetilmezligi dünýäde güýçli özgerişlere getirer. Aşak dereje Arktik ummanynyň tomsuna deňiz buzundan boş bolmagyna sebäp bolar.

“Hasabat bilşimiz ýaly, ýaşaýşy goldaýan klimat sistemasyna pikir edip bolmajak zyýanlaryň öňüni almak üçin köp pursatymyzyň ýokdugyny görkezýär” diýip, IPCC-niň agzasy Amjad Abdulla aýdýar.

XS
SM
MD
LG