Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Halkara maliýe fondundan kömek isleýär


Pakistanyň premýer-ministri Imran Han

Pakistanyň täze hökümeti barha güýçlenýän töleg balansy bilen bagly krizisi gowşatmak üçin Halkara maliýe fondundan (HMF) adatdan daşary karz sorar, diýip ýurduň maliýe ministri yglan etdi.

8-nji oktýabrda Pakistanyň premýer-ministri Imran Han maliýe ministrine Halkara maliýe fondunyň resmileri bilen bu guramanyň we Dünýä bankynyň şu hepdede Balide geçýän ýyllyk konferensiýasynda duşuşmagy we mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy.

"Premýer-ministr ähli baş ykdysadyýetçiler bilen maslahatlaşyp, HMF bilen gepleşiklere başlamak kararyna geldi" diýip, maliýe ministri Asad Umar Facebook we Twitter ulgamlarynda çap eden wideo maglumatynda aýtdy.

Pakistan 1980-nji ýyllardan bäri HMF guramasyna yzygiderli ýüz tutýar.

Soňky gezek Yslamabat 2013-nji ýylda $6.6 milliard dollar möçberinde karz alypdy. Umar öz hökümetiniň almagy göz öňünde tutýan karzynyň möçberini mälim etmedi, emma ol mundan öňki çykyşynda ýylyň aýagyna çenli ýurduň daşarky bergilerini tölemek üçin hökümete azyndan 8 milliard dollar möçberinde puluň gerekdigini aýdypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG