Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HMF: ABŞ-nyň sanksiýalary Eýranyň ykdysadyýetiniň haýallamagyna getirdi


Eýranyň Hark adasyndaky nebit eksport kärhanasy
Eýranyň Hark adasyndaky nebit eksport kärhanasy

Halkara maliýe fondy Eýranyň ykdysadyýetiniň ABŞ-nyň Tährana garşy dikelden sanksiýalarynyň netijesinde şu ýyl haýallandygyny aýdýar we bu ýagdaýyň indiki ýyl has ýaramazlaşjagyny çak edýär.

HMF-yň 8-nji oktýabrda çap eden Dünýä ykdysadyýetine synynda Eýranyň nebite daýanýan ykdysadyýetiniň şu ýyl 1.5% derejesinde çökmegi we 2019-njy ýylda peselişiň 3.6% boljagy çak edilýär. Munuň nebit eksportunyň möçberiniň kemelmeginiň netijesidigi aýdylýar.

Maý aýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Tährana garşy sanksiýalary dikeltjegini yglan etmänkä HMF Eýranyň ykdysadyýetiniň 2018-nji we 2019-njy ýyllarda 4% derejesinde ösjegini çak edipdi.

Waşington Eýrana garşy sanksiýalarynyň birinji tapgyryny güýje girizdi we Eýranyň nebit hyrydarlaryna başga çeşmeleri gözlemek duýduryşyny berýär.

Eýranyň nebit pudagyna garşy sanksiýalaryň ikinji tapgyry noýabr aýynda güýje girer.

Bu sanksiýalar Trampyň ABŞ-ny dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň Eýran bilen 2015-nji ýylda baglaşan ýadro ylalaşygyndan çykarmak boýunça kararynyň netijesinde girizilipdi. Ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmegi we ýurda garşy ykdysady halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG