Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mirziýaýew Berdimuhamedowyň 'Metbugat ösüşine goşandy üçin' baýrak almagyny gutlady


Türkmenistanyň we Öbegistanyň prezidentleri Şawkat Mirziýaýew (s) we Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Horezm, aprel, 2018
Türkmenistanyň we Öbegistanyň prezidentleri Şawkat Mirziýaýew (s) we Gurbanguly Berdimuhamedow (ç), Horezm, aprel, 2018

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew Türkmenistanyň prezidentini metbugatyň ösüşine goşant üçin baýrak almagy bilen gutlady.

Gurbanguly Berdimuhamedowa Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň teleradiogepleşikler birleşiginiň bu baýragy 4-nji oktýabrda gowşurylypdy.

"Türkmen döwlet habarlar gullugy" resmi habar agentliginde çap edilen hatda özbek prezidenti: "Men Size köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan aýratyn goşandyňyz üçin Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň ýokary sylagynyň gowşurylandygy baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdim" diýip ýazýar.

"Abraýly halkara guramanyň bu ýokary sylagy Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli içeri hem-de daşary syýasatyňyza dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, telekommunikasiýalary we ählumumy habarlar giňişligi ulgamynda Türkmenistanyň gazananlarynyň ykrarnamasydyr" diýip türkmen media serişdesi Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýewi sitirleýär.

Türkmenistanda habar beriş serişdeleriniň tas ählisi döwletiň eýeçiliginde, daşary ýurtly habar beriş serişdeleri bilen işleşýän žurnalistler, şol sanda Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri yzarlanýar, gorkuzylýar we olardan işini bes etmek talap edilýär.

Düýbi Parižde ýerleşýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan soňky ýyllyk hasabatynda 2018-njy ýylda Türkmenistany 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirdi. Metbugat azatlygyna syn edýän bu gurama Gurbanguly Berdimuhamedowy "internetiň duşmany" diýip atlandyrdy.

Azatlyk Radiosy bilen Telegram arkaly habarlaşyň
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:17 0:00

XS
SM
MD
LG