Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň ýarag ammaryndaky partlama sebäpli ewakuasiýa başlandy


Adatdan daşary gulluklar Çernihiw regionynyň Družba posýologynyň ilatyny ewakuasiýa edýärler, 9-njy oktýabr, 2018
Adatdan daşary gulluklar Çernihiw regionynyň Družba posýologynyň ilatyny ewakuasiýa edýärler, 9-njy oktýabr, 2018

Ukrainada bir harby gorhanada dörän partlamalar we çalt ýaýran ýangyn müňlerçe adamyň ewakuasiýa edilmegine getirip, Orsýet tarapdan goldalýan separatistler bilen gowşak uruşda bolan ýurtda sabotaž şübheleriniň döremegine sebäp boldy.

Resmiler 9-njy oktýabrda Çernihiw regionynda Kiýewiň 180 kilometr gündogarynda ýerleşýän Içnya şäherçesinde bolan ýangyn we partlama netijesinde 12 müň adamyň öz öýlerinden ewakuasiýa edilendigini aýdýalar.

Regional häkiýetleriň bildirmegone görä, 63 adam tüsse zerarly keselländiklerini aýdyp, keselhanalara barypdyrlar. Ýöne ýurduň goranmak ministrligi bir beýannamada parahat ilatdan ýa harbylardan ýaralanan ýa heläklenen adam ýok diýdi.

“Ir bilen sagat ýedide her sekunda iki-üç partlama boldy” diýip, beýannamada aýdylýar.

Ýurduň Howpsuzlyk gullugy (SBU) hem bir beýannama çykaryp, merkezi Ukrainadaky harby prokuroryň edarasynyň geleňsizlik şübhesi bilen derňew işlerini ýola goýandygyny habar berdi. SBU mümkin sebäpleriň ählisini, şol sanda sabotažy-de göz öňünde tutýar.

Ýaragly güýçleriň baş ştabynyň ýolbaşçynyň orunbasary maýor-general Rodion Tymoşenko belli bir adama ýa topara salgylanmasa-da, özüniň sabotaža şübhelenýändigini aýtdy.

Ol Kiýewde žuranalistlere şeýle diýdi: “Ilki iki partlama boldy, ondan soňra gorhananyň beýleki tarapynda ýene iki partlama boldy. Ýangyna sebäp bolan şu partlamalar. Gorhananyň dürli taraplarynda bolan partlamalar munuň ýokary ähtimallyk bilen sabotaždygyny görkezýär”.

Adatdan daşary gulluklaryň beýanatyna görä, häkimiýetler partlamanyň bolan ýeriniň töweregindäki 30 kilometrlik radiusda howa giňişligini, gara we demir ýol gatnawyny wagtlaýyn ýapypdyrlar.

Resmi beýannamada goranmak ministrliginiň No.6 gorhanasyndaky ýangynyň we partlamanyň daňdan sagat 3:30 töwereginde başlap, 700 gektar giňişlige ýaýrandygy bellenýär.

Premýer-ministr Wolodymyr Hroýsman bilen ýurduň ýaragly güýçleriniň başlygy Wiktor Muženko wakanyň bolan ýerine gitdiler.

Muženko Çernihiw regionynda “degişli çäklendiriş çäreleriniň” girizilýändigini aýtdy.

Soňky ýyllarda hökümet güýçleri bilen Orsýet tarapdan goldalýan separatistler arasynda barýan uruşda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň gorhanalarynda birnäçe partlama we ýangyn boldy.

Orsýetiň Krym ýarym adasyny zor bilen özüne birikdirmegi netijesinde turan uruşda 10300-den agdyk adam öldi. Atyşyklary bes etmek barada 2014-nji ýylyň sentýabrynda Belarus paýtagty Minskde gelnen ylalaşyk hem konflikti ýatyryp bilmedi.

Öten ýylyň mart aýynda Ukrainanyň Harkiw şäherindäki harby gorhanada bolan partlama 20 müň çemesi adamyň ewakuasiýa edilmegine getirdi. 2017-nji ýylda Winnytsia şäherinde ok-däri saklanýan ýerde bolan partlamadan soň hem 30 müň çemesi adam öýlerini terk etmeli boldular.

Häkimiýetler bolýan partlamalarda köplenç saboža şübhelenýärler. Şol sebäpden hökümet ýurduň harby gorhanalaryny goramak üçin 3.6 million dollara deň serişde goýberdi.

2017-nji ýylda bolan ýangyndan soňra beýleki gorhanalary barlan parlamentiň goranyş komiteti Içnýanyň golaýyndaky gorhananyň dolandyrylyşynda “ýiti” kemçilikleriň bardygyny ýüze çykardy.

XS
SM
MD
LG