Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet HWF-dan gyssagly karz sorajagyny aýdanyndan soň, Pakistanyň puly 7% hümmetini gaçyrdy


Pakistani rupiýesiniň dollaryň garşylygyndaky bahasy 9-njy oktýabrda 133.6-da saklanýança gysga wagt 138-e baryp ýetdi.
Pakistani rupiýesiniň dollaryň garşylygyndaky bahasy 9-njy oktýabrda 133.6-da saklanýança gysga wagt 138-e baryp ýetdi.

Pakistanyň milli puly, hökümet Halkara walýuta fondundan adatdan daşary halas ediş karzyny sorajagyny aýdanyndan soň, 7 prosente çenli hümmetini gaçyrdy.

Pakistan rupiýesiniň dollaryň garşylygyndaky bahasy 9-njy oktýabrda 133.6-da saklanýança gysga wagt 138-e baryp ýetdi. 8-nji oktýabrda, bu habar yglan edilmezinden öň, dollaryň bahasy 124.3 rupiýedi.

Pakistanyň delegasiýasy HWF-nyň resmileri bilen şu hepdäni aýagynda, Indoneziýada duşuşar.

Halkara walýuta fondy geçen hepde sapar edeninden soň, Pakistanyň düýpli ykdysady synaglar bilen ýüzbe-ýüz durandygyny, ösüşiň pesdigini, býujetde we häzirki hasaplarda ýetmezçiligiň uludygyny, walýuta ätiýaçlyklarynyň azdygyny aýtdy.

Pakistan Hytaýdan hem täze karz almaga çalyşýar, ýogsa Pekin bu ýurtda bilelikdäki transport we energiýa taslamalaryna uly maýa ýatyrdy.

Pakistanyň merkezi banky 9-njy oktýabrda beýanat çap edip, rupiýäniň hümmetiniň peselmeginiň bölekleýin nebit bahalarynyň galmagy bilen baglydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG