Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistan öz esasy aňtaw gullugynyň başlygyny täzeledi


Asim Munir dynça alşa çykýan general-leýtenant Naveed Mukhtaryň (suratda) ornuna geçer.

Pakistan öz esasy aňtaw gullugynyň -Içerki pudagara maglumat gullugynyň (ISI) başlygyny täzeledi.

Harbylaryň 10-njy oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Asim Munir dynç alşa çykýan general- leýtenant Naveed Mukhtaryň ornuna geçer.

Munire sentýabr aýynda general-leýtenant çini berildi, martda bolsa ol ýurduň baş medaly - Hilal-i-Imtiaz bilen sylaglandy.

Mundan öň ol Harby aňtaw gullugynyň başlygy we demirgazyk Pakistanda ýerleşdirilen güýçleriň komandiri bolup gulluk etdi.

ISI Pakistanyň daşary syýasatyny utgaşdyrmakda, şol sanda goňşy Owganystandaky uruş meselesinde esasy roly oýnaýar we onuň owgan “Talybany” bilen-de, beýleki yslamçy jeňçi toparlary bilen ýakyn gatanaşyk saklaýandygy aýdylýar.

Waşington we Kabul Pakistany “Talyban” jeňçilerine pena bermekde gaýta-gaýta aýyplap gelýär, Yslamabat bu aýdylýanlary ret edýär.

XS
SM
MD
LG