Rim papasy Fransis aborty, ýagny çagany aýyrtmaklygy bir adamy ýok etmek üçin “ganhory” hakyna tutmak bilen deňedi.
Rim papasynyň Watikanyň Keramatly Pýotr meýdançasynda eden bu çykyşynyň konserwatiw katolikler we aborta garşy çykýanlar tarapyndan oňaýly garşylanjakdygyna garaşylýar.
Şol bir wagtda, kanuny abortyň tarapynda çykyş edýänler aýalyň öz bedeni bilen islän zadyny etmäge hakynyň bardygyny aýdýarlar.
“Men sizden soraýaryn: ‘Bir meseläni aradan aýyrmak üçin adamyň janyny ‘almak’ dogrumy? Siz näme pikir edýärsiňiz? Bu dogrumy? Dogrumy ýa ýok?” diýip, Fransis meýdançada ýygnanan märekä ýüzlendi.
Adamlar “Ýok” diýip, jogap bereninden soň, Fransis: “Bir meseläni çözmek üçin ganhory hakyna tutmak dogry bolarmy?” “Sen muny etmersiň, bir meseläni çözjek diýip, nähili kiçi hem bolsa, ýöne adamy öldürmek dogry bolmaz” diýip, sözüne goşdy.
Rim papasy Roman Katolik Kilisesiniň lideridir. Kilise durmuş enäniň göwresinde çaganyň galmagy bilen başlanýandygy nukdaýnazaryny öňe sürýär.
Fransis 2013-nji ýylyň martynda Rim papasy boldy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!