Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saglyk ministrligi sagdyn dem almak üçin, raýatlara prezidentiň kitabyndaky çaýlary maslahat berýär


Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi ilata prezidentiň kitabyndaky çaýlary içmegi maslahat berdi. TDH-nyň resmi websahypasyndan alnan surat
Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi ilata prezidentiň kitabyndaky çaýlary içmegi maslahat berdi. TDH-nyň resmi websahypasyndan alnan surat

Türkmenistanyň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygynda ýazylandygy aýdylýan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilen çaýlary içmegi maslahat berýär.

Ministrligiň maglumat merkezi döwlet eýeçiligindäki “Neýtralny Türkmenistan” gazetiniň sentýabr aýynda çap bolan sanlarynyň birinde güýz paslynda dem alyş ýollarynda döreýän ýiti keselleriň öňüni almak boýunça 11 maddalyk “peýdaly” maslahatlary halk köpçüligine ýetirdi.

“Peýdaly” maslahatlaryň 10-njy bölüminde ilata “prezident Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly 'ylmy esasda' ýazylan kitabyndaky (it burun, narpyz, çopantelpek, buýan köki we şuňa meňzeş) dermanlyk çaýlary içmek” maslahat berilýär.

"Neýtralny Türkmenistan" gazetinden düşürilen surat
"Neýtralny Türkmenistan" gazetinden düşürilen surat

Gurbanguly Berdimuhamedow prezidentlik wezipesiniň gapdalyndan, soňky 10 ýylyň dowamynda öz adyndan başga-da 40-a golaý kitap bilen bir hatarda, ýurduň dermanlyk ösümlikleri barada 10 tomlyk işini çap etdirdi.

Onuň çap etdiren käbir kitaplary žanr taýdan biri-birinden düýpgöter tapawutlanyp, şu wagta çenli çap bolan kitaplaryň hatarynda ylmy hem edebi çeper kitaplar köpçülige ýetirildi. Kitaplarda atçylyk, edermençilik, ösümlik dünýäsi, halkara syýasat, çaý, watansöýüjilik we şuňa meňzeş başga-da köpdürli öwüşgin çaýylan temalar okyjylara ýetirilýär.

Döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri prezidentiň kitaplaryny yzygiderli mahabatlap, olardan alnan bölekleri okyjydyr tomaşaçylaryna gündelik ýetirýär.

Berdimuhamedowyň kitaplary TW-de okalýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Mundan ozal, türkmen telewideniýesi ýurduň prezidentiniň iş günüň dowamynda çürnükli çäýnekden käseläp çaý içýän pursatlaryny görkezýän wideo şekilleri efire berdi.

Berdimuhamedow sany 50-ä golaýlap barýan kitaplarynyň hataryna öz adyndan “Çaý – melhem hem ylham” diýen kitabyny hem goşdurdy.

Bu günki gün ýurduň Saglyk ministrligi ýörite maglumat çap edip, ilata prezidentiň maslahat berýän çaýlaryny içmegi ündeýär.

Şulardan çen tutulsa, Türkmenistanda atlar, halylar, şaý-sepler we şuňa meňzeşler bilen bir hatarda indi çaý hem döwlet syýasatynyň wagyz guralyny şöhlelendirýän simwol hökmünde syýasylaşdyrylýan çemeli.

Ýurduň Saglygy saklaýyş ministrliginiň ilata sagdyn durmuş ugrunda prezidentiň aýdýan çaýlaryny içmegi resmi derejede maslahat berýän wagty, ýurtdan derman gytçylygy we gymmatçylygy barada habarlar gelip gowuşýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, soňky bir ýylyň dowamynda ýurtda dermanlaryň bahasy ozalkysyndan 100 % gymmatlady.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan ençeme türkmenistanly Saglyk öýlerinde döwlet eýeçiligindäki Saglyk ätiýaçlyk pasportyna girýän dermanlar boýunça reseptleriň ýazylyp berilýändigini, ýöne şol dermanlaryň köp görnüşleriniň döwlet eýeçiligindäki dermanhanalarda satylmaýandygyny gürrüň berýärler.

Azatlygyň daşoguzly habarçysy sentýabryň aýagynda ýurduň demirgazyk regionyndaky dermanhanalarda ilata möhleti geçen dermanlaryň satylyp başlanandygyny habar berdi.

Ýurtdaky derman gytçylygynyň we gymmatçylygynyň fonunda, Saglyk ministrligi ilata prezidentiň maslahat berýän çaýlaryny içmegi ündeýär.

Ministrligiň ýaýradan peýdaly maslahatlarynda başga-da birnäçe instruksiýalar bilen bir hatarda, sport bilen meşgullanmak, düzüminde witamin Ç bolan önümleri iýmek, otaglary arassa howa bilen ýyljyratmak, milli naharlara sarymsak we burç goşup iýmek, elleriňi arassa saklamak maslahat berilýär.

XS
SM
MD
LG