Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Arkadagymyzyň halkyna hökman bir sowgady bardyr"


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Ine taze ýylam ýetip gelýär. Hormatly arkadagymyzyň halkyna bolan çäksiz söýgüsiniň nyşany hökmünde Halkyna hökman bir sowgady hem bardyr. Her ýyl bolşy ýaly täze ýylyň yz ýanynda hökman sowgatjyk gowşurmak, bilip galmak adaty däbe öwrülip barýar.

Meselem bu ýyl Benziniň galmagyna garaşýarys. Hormatly Arkadagym. Bize 3 manatdan litri benzin az bolar. 5 manat etmegiňizi haýyşt edýäris. Halkymyzyň hal ýagdaýy gowulaşdy ahyry. Siz näme üçin kösenýäňiz ? Ýene 15 sany Myhmanhana guryp bermegiňizi, Ralli we ş.m peýdasy gaty bir hökman bolmadyk ýaryşlary gurnap beriň. Wi şeýlede her aýda çykýan kitaplaryňyza aşyk bolup okaýan. Tüweleme şeýle çuňňur oýlanýan prezidentimiz bar eken, daşyňyzdan guwanýan.

Saçlarňyzam tüweleme gelşip dur, ýäş oglanjyk bolupsuňyz. Durmuşda aladaňyz azyrakdygy bildirýär, howwa da adamlaryň hal ýagdaýy gowulaşdy. Azak tenek oçerde duryp lýäşka, un, ýäg, buhanka ,ýumurtga, miwe, çilim alýanlaram gaty gysyk adamlar da..Hali görseň Toyota Land Cruiser jeep münip ýören gysyk adamlardyr.

Bolmasa magazinlerde bol, Telewizorda bol görýäs. Näme üçin bol bolsa oçerde durlar, onam entäk özümem bilemak. Garaz siziň janyňyz sag bolsun, ýeneki ýyllara sowgatlaryňyza garaşýarys. Allajan bujet işgärleriniň eline , biline kuwat bersin. Alkyşlap ýadanoklar sizem sowgat berip ýadamaň, gaýrat ediň. Berilýän mugt we ýenillikleri doly aýyranyňyz üçin size sagbolsun aýdýaryn.

Goy bujet edaralary köprak watan üçin işläp ilki watany ösdürsinler.. Otellermiz , fantanlarmyz , maslahat zallarmyz , medeniýet öýlermiz, asgabatdaky elitkalarmyz köpelsin.. Zawod fabrika gerek däl.. hapa bolýa..Ak şähere, Turkmenistana gelişmeýär.. Sag boluň...

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Men munuň bilen, AÝ/AR-na teswirime gelen jogaby maňa ugratmagy üçin meniň e-mail adresimi ulanmagyna razylyk berýärin

XS
SM
MD
LG