Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ähli 'Soýuz' kosmiki gämileriniň uçuşlaryny ýatyrdy


ABŞ-nyň astronawty Nick Hagueni we orsýetli astronawty Alekseý Osipowy alyp barýan "Soýuz MS-10" kosmiki gämisi, Baýkonur Kosmodromy, 11-nji oktýabr, 2018
ABŞ-nyň astronawty Nick Hagueni we orsýetli astronawty Alekseý Osipowy alyp barýan "Soýuz MS-10" kosmiki gämisi, Baýkonur Kosmodromy, 11-nji oktýabr, 2018

Orsýet "Soýuz" kosmiki gämisiniň şowsuz uçurylmagyndan soň uçuşlaryň ählisini yza tesdirdi.

Orsýetiň "Roskosmos" kosmiki agentliginiň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, 11-nji oktýabrda uçurlan wagtynda adatdan daşary ýagdaýda kosmiki raketany terk eden "Soýuz" missiýasynyň komandasy indiki gezek kosmosa 2019-njy ýylyň baharynda çykar.

Emma kosmos agentligi kosmiki gäminiň awariýa sebäp bolan näsazlygy anyklanýança "Soýuz" kysymly ähli apparatlaryň uçuşlaryny ýatyrýandygyny 12-nji oktýabrda mälim etdi. "Soýuzyň" uçurlan pursadynyň ikinji minudynda birinji we ikinji tapgyrlaryň arasynda dörän näsazlygyň netijesinde Gazagystanyň we Orsýetiň astronawty Alekseý Osipowyň we ABŞ-nyň astronawty Nick Hagueniň adatdan daşary ýagdaýda raketany terk etmegine getirdi.

"Roskosmos" agentliginiň ýolbaşçysy Dmitriý Rogozin astronawtlaryň "öz uçuşyny hökman dowam etdirjegini" aýtdy. "Biz uçuşy indiki baharda guramalaşdyrmagy planlaşdyrýarys" diýip, Rogozin belledi.

Orsýetiň kosmiki gämileri soňky ýyllarda birnäçe näsazlyga uçrapdy, emma 11-nji oktýabrda bolan ýagdaý 1983-nji ýyldan bäri astronawtlaryň partlamadan öň raketany terk etmegi başaran birinji wakasy.

XS
SM
MD
LG