Halkara maliýe fondunyň ýolbaşçysy (HMF) Pakistanyň hökümetiniň adatdan daşary karz soramagynyň yzýany bu ýurda öz toparyny ugradýandygyny aýtdy.
HMF-yň Dolandyryjy müdiri Kristine Lagarde bu beýanaty bilen Pakistanyň maliýe ministri Asad Umar bilen Indoneziýada 11-nji oktýabrda geçiren duşuşygynyň yzýany çykyş etdi. Eger karz makullansa bu HMF-yň 1988-nji ýyldan bäri Pakistana berýän 13-nji maliýe ýardamy bolar.
Guramanyň Yslamabada soňky karzy 2013-nji ýylda ýylda berlipdi we onuň mukdary 6.7 milliard dollara barabar bolupdy.
Pakistanyň premýer-ministri Imran Hanyň hepdäniň başynda aýtmagyna görä, Yslamabat töleg krizisinden çykmak maksatlary üçin Halkara maliýe fondunda we Hytaý hem Saud Arabystany ýaly "dostlukly ýurtlardan" 12 milliard dollar möçberde kömek gözleýär.
Hytaý öz günbataryndan Pakistanyň üsti bilen Hindi Okeanyna tarap transport ulgamyny gurmak üçin karz görnüşinde 60 milliard dollary teklip edipdi.