Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çilim soňky bir aýda tas iki esse gymmatlady


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda çilim indi bir ýarym aý çemesi wagt bäri satylmaýan mahaly, onuň hususy eýeçilikdäki dükanlardaky bahasy barha gymmatlaýar.

“Meselem, Gazagystanda öndürilen “Kent” çilimi hususy eýeçilikdäki dükanlarda mundan bir aý ozal 40 manada, bir hepde ozal 50-55 manada satylýardy. Edil häzirki gün bolsa, onuň bir gutusynyň bahasy 65 manada baryp ýetdi. Ermenistanda, Türkiýede öndürilen çilimler hem gymmatlaýar. Hil taýdan oňat hasaplanýan çilimleriň biri “Parliament” atly çilim bolup, onuň bir gutusy bir aý öň 75-80 manada, bir hepde ozal 95-100 manada satylýardy. Edil şu günki gün onuň bahasy 140-150 manada baryp ýerdi” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän synçy häzirki wagt çilimkeşleriň köpüsiniň iň arzan bahadan satylýan çilimiň ýekeje dänesini satyn almaga hem mümkinçiliginiň ýokdugyny belläp, çilimiň bir dänesini iki ýa-da üç adam bolup çekýänleriň köpelendigine hem ünsi çekdi.

“Çilimiň ýeke dänesiniň bahasy arzan bolanda, dört manatdan satylýar. Çilimkeşleriň köpüsiniň şony hem almaga gurbaty çatanok. Onsoň olar iki ýa-da üç bolup, bir däne çilimi satyn alýarlar we ony bukurak ýerde gezekleşip çekýärler. Sebäbi Aşgabadyň islendik ýerinde çilim çekseň, polisiýanyň gözegçiligine düşýäň. Onuň hem, jerimesi 175 manatdan başlap, 300-400 manada çenli ýetýär” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Maglumat üçin aýtsak, Türkmenistanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylda ortaça aýlyk haky 715 manada barabar. Ýurtdaky ortaça aýlyk hakyna işleýän bir adam aýlygyny başga hiç zada sowmanda, bir aýyň dowamynda pes ýa-da orta hilli çilimlerden 8-10 gutusyny, ýokary hilli hasaplanýan çilimlerden ortaça 5 gutusyny satyn alyp bilýär.

Türkmenistanda indi üç ýyla golaý wagt bäri çilimiň söwdasy çäkli bolmagynda galýar. 2016-njy ýylyň başynda türkmen häkimiýetleri Aşgabadyň hususy eýeçilikdäki dükanlaryna reýdleri gurnap, ýörite lisenziýasy, resminamasy bolmadyk söwdegärlere jerime salypdylar we çilimiň söwdasyny gadagan edipdiler.

Şol ýylyň mart aýynda bolsa, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite karara gol çekip, ýurda temmäki önümlerini getirmegiň we satmagyň ähli ygtyýarlygyny diňe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berdi. Mundan soň, çilim döwlete degişli dükanlarda diňe çäkli möçberde wagtal-wagtal satylyp başlandy.

Emma gadagançylyga garamazdan, paýtagtdaky we welaýatlardaky hususy dükanlarda çilimiň satuwy aç-açan diýen ýaly dowam edýär. Söwdegärler çilimiň azyndan iki dürli görnüşiniň boşan gutusyny dükan tekjelerinde, müşderileriň görjek ýerinde ýerleşdirýärler.

Hususy dükan eýeleri çilimiň gymmatlamagynyň sebäplerini “ony özleriniň hem gymmat bahadan satyn alýandygy” bilen düşündirýän mahaly, olaryň çilimi nireden we nähili ýollar bilen satyn alýandygy nämälim bolmagynda galýar.

Ýöne Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde işleýän jogapkär resminiň adynyň efirde atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Azatlygyň ýurt içindäki habarçysyna beren maglumatyna görä, türkmen hökümeti halkara guramalaryna hasabat berende, hamana, ýurtdaky çilimkeşleriň sanynyň ýyl-ýyldan azalýandygyny görkezmek isleýär. Sebäbi şol guramalara hasabat berlende, döwlet dükanlarynda satylýan çilimiň sanyndan hasap ýöredilýär we ony ilat sanyna paýlanyňda, ortaça 7-8% aralygynda bolýar” diýip, agzalýan ministrligiň resmisi gürrüň berdi.

Ýatladyp geçsek, 2015-nji ýylda Bütindünýä Saglyk guramasynyň başlygy Türkmenistanyň iň az çilim çekýän ilatly ýurtdygyny aýdypdy. Aşgabatda geçirilen forum döwründe Margaret Çan “derňewler Türkmenistanyň ilatynyň diňe 8%-niň çilim çekýändigini görkezýär” diýipdi.

XS
SM
MD
LG