Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýada öldürilen žurnalist jaýlandy


30 ýaşly Marinowanyň jesedi 6-njy oktýabrda Ruse şäherinde, kenaryň boýunda tapylypdy.

Bolgariýanyň Ruse şäherinde öldürilen žurnalist Wiktoriýa Marinowanyň jaýlanyş mirasymy geçirilip, oňa merhumyň ýüzlerçe ýakynlary, dostlary we kärdeşleri gatnaşdylar.

30 ýaşly Marinowanyň jesedi 6-njy oktýabrda Ruse şäherinde, kenaryň boýunda tapylypdy.

Anna güni Germaniýanyň sudy Marinowany jynsy taýdan zorlamakda we öldürmekde aýyplanýany Bolgariýa ekstradisiýa etmäge taýýarlanýandygyny mälim etdi.

Sorag wagty aýyplanýan Marinowany “öldürmek islemändigini we ony zorlamandygyny” öňe sürüpdir. Şeýle-de, ol alkogolyň we neşe maddalarynyň täsirinde bolup, Marinowa bilen dawalaşandygyny, soňundan hem onuň ýüzüne ýumrugy bilen urandygyny aýdypdyr.

Bolgariýanyň prokurorlary Marinowanyň öldürilmeginiň onuň žurnalistiki işi bilen baglanyşygynyň ýokdugyna meňzeýändigini bellediler.

XS
SM
MD
LG