Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus metropoliti Älem Patriarhy bilen birligiň ‘mümkin däldigini’ aýdýar


Rus prezidenti Wladimir Putin we metropolit Hilarion. Moskwa. 2016 ý.

Russiýanyň Prawoslaw Kilisesiniň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Konstantinopol Patriarhatynyň sinodynyň Ukrainanyň Prawoslaw Kilisesi barada çykaran karary Moskwa Partriarhatyny Älem Partiarhy Warfolomeý Konstantinopol bilen birligini kesmäge mejbur edendigini aýtdy.

Stambuldaky Konstantinopolyň Älem Partiarhy Warfolomeý dünýädäki ähli prawoslaw hristianlarynyň ruhana lideridir.

Metropolit Hilarion Alfeýew öz belliklerini rus telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Mundan iki gün öň, Warfolemeýiň ýolbaşçylygyndaky sinod Ukrainanyň öz awtokefalyny, ýagny garaşsyz kilisesini esaslandyrmagyny oňlapdy.

Anna güni giçlik prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşi bilen Ukrainanyň Prawoslaw kilisesini maslahat etdi. Kreml Kiýewiň garaşsyz kilise edinmek niýetlerine garşy duýduryş berip, Russiýanyň Ukrainadaky prawoslaw hristianlarynyň bähbitlerini gorajakdygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG