Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan öňdebaryjy aktiwisti azatlyga goýberdi


Gulalai Ismail
Gulalai Ismail

Pakistanda aýal-gyzlaryň, paştunlaryň hak-hukuklary ugrunda iş alyp baran aktiwist, Yslamabatda dokuz sagat çemesi wagt tussaglykda saklanandan soň azatlyga goýberildi.

Gulalai Ismail 12-nji oktýabrda Britaniýadan Pakistana dolanandan soň, Yslamabadyň aeroportynda tussag astyna alnypdy.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Ismailiniň azat edilmegini sorap, beýanat ýaýratdy.

Aktiwistler Ismailiniň tussaglykdan goýberilendigini, emma onuň syýahatçylyk dokumentleriniň alnyp galynandygyny aýtdylar.

Ismaili tussaglykda wagty özüniň awgust aýynda Paştunlary Goramak Hereketiniň ýörişinde eden çykyşy üçin saklanandygyny aýdyp, teskt we audio ýazgylaryny ýaýradypdy.

XS
SM
MD
LG