Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýada ýurduň adyny üýtgetmek meselesi maslahat edilýär


Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew
Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew

Makedoniýanyň parlamenti 15-nji oktýabrda geçirýän maslahatynda ýurduň adyny üýtgetmek meselesine we goňşy Gresiýa bilen onlarça ýyl bäri dowam edýän dawasy boýunça konstitusion goşmaçalary hödürleýär.

Iýun aýynda Makedoniýanyň we Gresiýanyň hökümetleri ylalaşyga gelip, eger ýurt öz adyny Demirgazyk Makedoniýa üýtgetse, Afinanyň bu öňki Ýugoslawiýa respublikasynyň NATO we ÝB agza bolmagyna öz garşylygyny ýatyrmagyna razy boldular.

30-njy sentýabrda Makedoniýanyň ses berijileriniň 90% bu ylalaşygy goldady, emma ilatyň gatnaşyk derejesiniň 34% barabar bolmagy sebäpli, referendumyň netijeleri hasaba alynmady.

Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaew bu Balkan ýurdunyň adyny üýtgetmek we ýurduň konstitusiýasyny Gresiýa bilen ylalaşyga görä üýtgetmek boýunça tagallalary dowam etdirmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG