Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-Saud Arabystany: žurnalistiň ýitirim bolmagy meselesi maslahat edildi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (ç) we Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir (s), Riýad, 16-njy oktýabr, 2018

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Saud Arabystanynyň patyşasy Salman bilen gepleşik geçirip, saudi žurnalisti Jamal Khaşgajynyň ýitirim edilmegi we mümkin öldürilmegi meselesini maslahat etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanynyň patyşasy bilen ýitirim edilen žurnalist barada gepleşmeginiň yzýany Pompeony bu ýurda ugradypdy.

Tramp patyşa Salmanyň žurnalistiň "başyna düşüp biljek islendik ýagdaýdan özüniň habarly bolmagyny" ret edendigini aýtdy. Žurnalist Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammad bin Salman barada tankydy makala ýazýardy.

Jamal Khaşgajy iki hepde mundan öň ilçihana girenden soň ýitirim bolupdy.

Pompeonyň şazada Muhammad bin Salman bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Şol bir wagtda-da, Türkiýäniň telewideniýesi polisiýanyň derňewleriň çäginde Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsulynyň jaýynda barlag geçirendigini habar berdi.

NTV telekanaly derňewçileriň konsulhananyň jaýyny 16-njy oktýabrda hem barlajagyny habar berdi.

Pompeo Saud Arabystanyndan soň Türkiýä barar.

Tramp eger Saud Arabystany žurnalistiň ýitirim bolmagyna baş goşan bolsa "uly jeza" bilen ýüzbe-ýüz boljagyny duýdurdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG