Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda parlament kandidaty öldürildi


Abdul Jabar Kahraman

Owganystanyň günorta Helmand welaýatynda ýurduň parlamentine dalaş eden bir resmi partlamada heläk boldy.

Ýerli resmiler partladyjynyň Abdul Jabar Kahramanyň edarasynda ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” jeňçileri öz üstlerine aldylar.

Partlamada başga-da ýedi adam ýaralandy.

Owganystanda 20-nji oktýabrda geçirilmeli saýlawlaryň öňüsyrasynda amala aşyrylan hüjümlerde azyndan 10 kandidat öldürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG