Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus, müsür liderleri strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşarlar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň özüniň müsürli kärdeşi Abdel Fattah al-Sissi bilen Soçide. 16-njy oktýabr, 2018 ý.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň özüniň müsürli kärdeşi Abdel Fattah al-Sissi bilen Soçide. 16-njy oktýabr, 2018 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň özüniň müsürli kärdeşi Abdel Fattah al-Sissi bilen iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmagyna garaşylýar.

Putiniň daşary işler boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow çarşenbe güni geçiriljek gepleşiklerde halkara, şol sanda Siriýadaky, Liwiýadaky, Ýemendäki ýagdaýlaryň, şeýle-de Palestina-Ysraýyl meselesiniň maslahat ediljekdigini aýtdy.

Sişenbe güni Moswkada geçirilen iki-taraplaýyn gepleşiklerde al-Sissi rus uçarlarynyň Müsüriň kurort ýerlerine göni uçuşlaryny ýaňadandan ýola goýmagyna çagyryş etdi. Şol bir wagtda, Kreml Müsüri has köp rus ýaraglaryny satyn almaga çagyrdy.

Russiýa Müsüre göni uçuşlaryny 2015-nji ýylyň noýabrynda togtadypdy. Şonda, “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň Müsürdäki şahamçasy rus ýolagçy uçaryna partladyjy ýerleşdirip, onuň bortundaky 224 adamy öldüripdi.

XS
SM
MD
LG