Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa boýunça wekili eýeleýän wezipesinden çekildi.
Staffan de Mistura dört ýyldan soň bu wezipeden çekilmäge “şahsy ýagdaýlarynyň” sebäp bolandygyny aýtdy.
Ol uruşda prezident Başar al-Assadyň öňe gidişliklerine garamazdan, uzak möhletleýin parahatçylygyň diňe BMG-niň howandarlygyndaky parahatçylyk ylalaşygyna goşulan ýagdaýynda mümkin boljakdygyny belledi.
“Esasy zat parahatçylygyň üpjün edilmegidir. Munuň tersine, territoriýa ele geçiriler, emma parahatçylyk bolmaz” diýip, Staffan de Mistura nygtady.
BMG-niň Staffan de Misturadan ozalky araçylary, ýagny BMG-niň öňki baş sekretary Kofi Annan we alžirly baýry diplomat Lakhdar Brahimi hem bu wezipelerden çekilipdiler.