Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ýadro ýaragyny diňe “jogap” hökmünde ulanjakdygyny aýtdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň ýadro ýaragyny diňe ýadro hüjümine gaýtawul, jogap hökmünde ulanjakdygyny aýtdy.

“Biziň ýadro ýaraglar boýunça strategiýamyz irki urgyny göz öňünde tutmaýar. Biziň konsepsiýamyz diňe hüjüme jogap bermek ýörelgesine esaslanýar” diýip, Putin Soçide eden çykyşynda belledi.

“Biz Russiýanyň territoriýasyna hüjüm edilendigi anyklanan pursadynda, bu sanlyja sekuntda bolup geçýär, diňe şol pursatda jogap urgusyny ederis” diýip, Putin aýtdy.

Şeýle-de, ol: “Hüjümi eden tarap jogabyň boljakdygyny we özüniň ýok ediljekdigini bilmeli” diýip, sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG