Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda iki ýyl bäri dowam edýän gaz dawasy bilen baglanyşykly Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutdy. Bu barada Eýranyň nebit-gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Araki “Tasnim” neşirine maglumat berdi.

Maglumata görä, Eýran Türkmenistany akdyrýan gazyny gyş möwsümi öňünden duýduryş bermezden kesmekde aýyplaýar.

Bu waka awgustda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bu mesele bilen baglylykdaky maliýe ýagdaýlary boýunça Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutandygyny resmi ýagdaýda yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Ýatlap geçsek, 2016-njy ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gazyň tölegleri boýunça dörän dawa bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi. Şonda Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 1,8 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG